Forbes: «OpenAI» kompaniýasynyň baş müdiri Sem Altman milliarder boldy

14 Aprel 2024
182

«Forbes» žurnalynyň hasaby boýunça «OpenAI» kompaniýasynyň baş müdiri Sem Altman milliarder boldy. Ol sanawda 2692-nji orny eýeledi.

Žurnalyň maglumatlaryna görä, Altmanyň baýlygy onuň Reddit startapyna hem-de 65 milliard amerikan dollar bilen bahalandyrylýan «Stripe» töleg kompaniýasyna goýan maýa goýumlary bilen baglanyşyklydyr. Şeýle-de milliarder ýadro energiýasyny öndüriji «Helion» kompaniýasy we «Retro Biosciences» ýaly kompaniýalara-da maýa goýdy.

Taýýarlan: Ogulhally Muratgeldiýewa, TDBGI-niň talyby.
Beýleki habarlar