Üçünjiligi nazarlaýan ykdysadyýet

14 Aprel 2024
175

Halkara Pul Gaznasynyň deslapky maglumatlaryna görä, Hindistan satyn alyş güýji boýunça dünýäde 3-nji, nominal jemi içerki önümi boýunça 5-nji, importyň umumy mukdary boýunça 8-nji, eksportynyň umumy mukdary boýunça 10-njy, adam başyna düşýän jemi içerki önümi boýunça 125-nji orunda durýar. Şeýle-de Ykdysady çylşyrymlylyk indeksine (ECI) görä, dünýäniň 41-nji çylşyrymly ykdysadyýeti hasaplanýar.

Soňky ýyllarda maglumat tehnologiýasy, hyzmatlar, oba hojalygy we önümçilik pudaklaryna goýulýan maýa goýumlaryň hasabyna ýurduň ykdysady görkezijisi ep-esli ýokarlanýar. Has dogrusy, bu görkeziji 2021-22-nji maliýe ýylynda 8,7 göterim, 2022-23-nji maliýe ýylynda 7,2 göterim boldy. Ýurduň Maliýe ministrliginiň deslapky hasabatyna laýyklykda, 2023-24-nji maliýe ýylynda hindi ykdysadyýetiniň ösüş depgininiň, takmynan, 7,3 göterim bolmagyna garaşylýar. Bu bolsa Hindistanyň iň çalt ösýän ykdysadyýet hökmünde öňe saýlanmagyna itergi berer. Bu oňyn görkezijini degişli hünärmenler soňky 3 ýylda ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşine itergi beren içerki isleg bilen baglanyşdyrýarlar.

Sahypany taýýarlan:
Jahantäç ÖWEZOWA, TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Biznes reklama».
Beýleki habarlar