Ynam – adamzadyň zynatydyr

12 Aprel 2024
116

“KODAK” kompaniýasynyň düýbini tutan Jorj Istman 1935-nji ýylda ýönekeýje fotoapparat bilen Afrikadaky ýyrtyjy haýwanlaryň suratyny örän golaýdan düşürmegi başarypdyr. Şeýle golaýdan, hat-da ýanynda duran ýaly edilip düşürilen suratlary görüp, onuň dostlary: “Sen muny nädip başardyň?” diýip, geň galyp sorapdyrlar. Şonda Istman şeýle jogap beripdir: “Suratlary düşürýän wagtym meniň ýanymda örän ynamdar bir awçy bardy. Men ol mergene göz çaky bilen 10 metr aralygy görkezdim we “Haýwanlar ürküp, maňa tarap topuljak bolaýsalar, şol bellenen aralykdan geçmänkäler at” diýip tabşyrdym”. Muňa onuň dostlary şeýle bir haýran galyp: “Eger, bardy-geldi awçy olary atyp ýetişmedik bolsa, şonda näderdiň? Sen oňa nädip janyňy ynanyp bildiň?” diýip sorapdyrlar. Istman bolsa olara: “Dostlar, eger siz durmuşda üstünlik gazanaýyn, belent sepgitlere ýeteýin diýseňiz, onda bile iş salyşýan ýoldaşlaryňyza ynanmaklygy başarmalysyňyz” diýipdir.

Hakykatdan-da, biz gündelik durmuşymyzda ençeme adamlar bilen aragatnaşyk we hyzmatdaşlyk saklaýarys. Biri-birinden tapawutly, dürli gylyk-häsiýetli adamlara gabat gelýäris. Ýaşaýyş, durmuş biziň ynanýan, söýýän, sylag-sarpa goýýan zatlarymyz bilen aýratyn mana eýe bolýar, has-da gözelleşýär, ajaýyplaşýar. Biz mydama öz begenjimizi, gam-gussamyzy, derdimizi şeýle ynamdar adamlar bilen deň paýlaşýarys. Biz şeýle adamlaryň ýanynda bolsak, özümizi has ynamdar we arkaýyn duýýarys. Biz diňe ynanýan adamlarymyz bilen dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny saklaýarys. Ýürekdeş dostluk elmydama ynsanlaryň biri-birine bolan ynamy, wepasy esasynda gurulýar. Dostlukda ynam bolmasa, ol edil aýna mysaly, iň bir kiçijik zeperiň täsiri netijesinde pagyş-para bolýar.

Jangeldi IŞANKULYÝEW,
Çärjew etrabynyň 37-nji orta mekdebiniň mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar