Dünýäde gecen geçen ýylyň konteýner portlarynyň öňdebaryjy 15-ligi

13 Aprel 2024
320

2023-nji ýylyň dowamynda dünýäniň öňdebaryjy konteýner portlarynyň 15-si tarapyndan 350 mln TEU-lyk netije görkezildi. Geçen ýylda olaryň umumy dolanyşygy 1,2% ýa-da 4 million TEU artdy. Däp bolşy ýaly, Hytaý ýene-de öňdebaryjy portlaryň 15-liginiň ýarysyndan gowragyny — 8-sini düzýär.

Öňdebaryjy 15-lige Ýewropa portlarynyň ikisi — Rotterdam we Antwerpen girip, olar degişlilikde 13-nji hem-de 15-nji ýere düşdiler. ABŞ-nyň reýtingdäki ýeke-täk porty Los-Anjeles/Long Biç toplumy bolup, dolanyşygynyň 13% peselendigine garamazdan, ol dokuzynjy orunda galdy.

Beýleki habarlar