MAGTYMGULY WE IBN SINA

13 Aprel 2024
901

Türkmenistanda ylym ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmäge, jemgyýetiň aň-bilim mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, milli medeniýetini, nusgawy şahyrlarydyr beýik akyldarlarynyň eserlerini, pelsepewi garaýyşlaryny ylmy esasda düýpli öwrenmäge we gorap saklamaga aýratyn üns berilýär. Türkmeni dünýä tanatmakda meşhur lukman Abu Aly ibn Sinanyň we beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň miras galdyran gymmatly eserleriniň hem uly paýy bardyr. Lukman Hekim X-XI asyrlarda ýaşap geçse-de, akyldar şahyrymyzyň şygyrlarynda onuň adyna ýygy-ýygydan duşmak bolýar. Bu bolsa şahyryň özünde tebigaty öwreniji alymyň, lukmanyň, filosofyň, söz ussadynyň zehinini bir ýere jemlän Awisennanyň şahsyýetinden hem-de onuň lukmançylyga degişli eserlerinden habarly bolandygyna şaýatlyk edýär.

Lukmançylyk ylmynyň taryhynda öçmejek yz galdyran Abu Aly ibn Sina dünýä halklary çäksiz hormat goýýar. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Gündogarda «Alymlaryň baştutany», Günbatarda «Akyldarlaryň serdary» diýen derejelere mynasyp bolan Abu Aly ibn Sinanyň biziň günlerimize gelip ýeten eserleri, ylmy-pelsepewi döredijiligi geçmiş bilen şu güni we geljegi birleşdirýän gymmatly hazynadyr, bütin adamzadyň guwanjydyr» diýip belleýär. Geçen ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli «Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy» ady bilen guralan halkara ylmy maslahat hem beýik alymyň bagtly ýaşaýyş, sagdyn durmuş bilen bagly öňe süren gymmatly garaýyşlarynyň häzirki döwürde-de öz ähmiýetini ýitirmeýändigini nobatdaky gezek açyp görkezdi. Forumda çykyş edenler Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň gymmatly mirasy, lukmançylyk ylmynda gazanan üstünlikleri, häzirki zaman lukmançylyk biliminde Awisennanyň orny, beýik akyldaryň eserleriniň pelsepe aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Mämmetberdi ELÝASOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bölüm müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar