Ruhy kämilligiň ebedi waspçysy

13 Aprel 2024
357

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Söz ussadynyň berkarar döwlet gurmak hakyndaky arzuwlary, belent adamkärçilige, ömrüň manysyny artdyrýan işlere çagyrýan eserleri bu günki gün abadan, erkana durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan her bir türkmeniň kalbyny nurlandyrýar.

Ruhy kämilligiň waspçysy bolan Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy dünýä edebiýatynda-da uly orun eýeleýär. Şahyryň eserleri asyrlar geçse-de, öz gymmatyny ýitirmeýär. Çünki onuň şygyrlarynda öňe sürülýän pikirler umumadamzat gymmatlyklary bilen hem sazlaşykly utgaşýar. Şoňa görä, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň bütin adamzadyň genji-hazynasyna öwrülen baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmek we dünýäde wagyz etmek babatda alnyp barylýan işleriň gerimi has-da giňeýär. Beýik akyldaryň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän şygyrlarynyň dünýäniň ençeme diline terjime edilmegi, golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir. Döredijiliginiň halkara derejede ebedileşdirilmegi şahyryň parasatly pikirleriniň, ynsanperwer garaýyşlarynyň ähmiýetiniň barha artýandygyndan habar berýär.

Bahar BEKMYRADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kafedra müdiri.
Beýleki habarlar