Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň da­ba­ra­lan­ma­sy

12 Aprel 2024
264

«Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň dur­muş-yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty, me­de­ni ösü­şi hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy we aba­dan­çy­ly­gy, jem­gy­ýe­ti­mi­ziň sag­dyn­ly­gy, ne­sil­le­ri­mi­ziň be­den hem-de ru­hy taý­dan saz­la­şyk­ly ösü­şi bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr» di­ýip nyg­ta­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni has-da giň ge­rim bi­len jem­gy­ýe­ti­mi­ziň äh­li ul­gam­la­ry­na or­naş­dyr­mak ba­bat­da hem dün­ýä nus­ga­lyk iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Mu­nuň özi Gahryman Arkadagymyzyň bin­ýa­dy­ny go­ýan be­ýik iş­le­ri­niň üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň gü­wä­si bo­lup da­ba­ra­lan­ýar. Ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän şan­ly baý­ram­çy­lyk­lar­da, esa­san hem, Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­nün­de we Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­nün­de köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­riş­le­ri ge­çir­mek bol­sa asyl­ly dä­be öw­rül­di.

Ine, ge­çen ýek­şen­be gü­ni Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li paý­tag­ty­myz­da hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­riş hem mil­li se­ne­na­ma­myz­da my­na­syp orun alan bu se­nä­niň her ýyl uly ru­hu­be­lent­lik­de giň­den bel­le­nil­ýän­di­gi­niň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy bol­dy.

«Türk­men spor­ty».
Beýleki habarlar