Dili bilmek — döwrüň talaby

12 Aprel 2024
304

Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasat ýörelgelerinden gözbaş alyp gaýdan dostluk-doganlyk, parahatçylyk, bagtyýarlyk ýollarynyň dünýäniň çar künjegine uzamagy halklary bir-birine ýakynlaşdyrýar. Türkmenistanyň daşary döwletler bilen dostlukly hyzmatdaşlygy giň gerime eýedir. Dürli halklaryň özara düşünişmegi üçin diliň ähmiýeti uludyr. Güýçli depginde ösýän Türkmenistan döwletimizde iňlis dilini bilmek döwrüň wajyp talaby bolup durýar. Çünki dünýäniň ösen döwletleri bilen giň hyzmatdaşlyklary alyp barýan Watanymyzda kämil tehnologiýalar, kompýuter we internet ulgamlary giňden ornaşdyrylýar. Şeýle tilsimatlardan baş alyp çykmak üçin bolsa, halkara dili bolan iňlis diliniň ähmiýeti uludyr. Lukmançylyk mekdebimiziň talyplary geljekde saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleri bolmak bilen, bu ugurdan ylmyň soňky gazananlaryndan, kämil tehnologiýalardan baş çykarmaly bolarlar. Iňlis dili dersiniň «Health» atly gurnagyň höwesjeň agzalarynyň özleri internet arkaly täsin we gyzykly maglumatlary alyp, özaralarynda iňlis dilinde gyzykly söhbetdeşlik geçirýärler, gollanmalardyr referatlary taýýarlaýarlar. Talyplaryň iňlis dilinde taýýarlan çykyşlarydyr nutuklary, internetden alan gyzykly maglumatlary gurnagyň diwar gazetinde öz beýanyny tapýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe aýdyň ýol-ýörelgelerinden kemal tapyp, bagtly geljege gadam goýýan ýaşlarymyz üçin gözel Diýarymyzda erkana okap, bilim almaga, ýaşamaga we döretmäge ähli mümkinçilikler bar.

Wera LI,
Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň iňlis dili mugallymy.
Beýleki habarlar