Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet

12 Aprel 2024
191

Eziz Diýarymyzda ýaş nesillerimiziň bagtyýar, asuda ýaşaýşy barada alada edilip, häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda, köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sport medeniýetini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport hem-de atçylyk toplumlary, stadionlar, sport mekdepleri guruldy. Paýtagtymyz Aşgabatda bina edilen sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi bolsa sport mümkinçilikleri bilen göreni haýrana goýýar.

Bu gün Türkmenistan sporty parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine gönükdirmegiň tarapdary hökmünde çykyş edýär. Olimpiýa hereketiniň belent maksatlaryna ygrarlylyk, ýokary netijeli sportuň, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň ösdürilmegi we wagyz edilmegi, ýurdumyzda häzirki zaman sport düzümleriniň kemala getirilmegi beden taýdan berk ýaş nesliň terbiýelenmegi, jemgyýetimizde sagdyn-durmuş ýörelgesiniň dabaralanmagy üçin möhüm binýat bolup hyzmat edýär. Türkmenistanlylaryň sport bilen meşgullanmagy hem-de sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize sagbolsun aýdýarys.

Mekan ALLABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Türkmenabat şäher bölüminiň döwlet bellige alyjysy.
Beýleki habarlar