Asylly maksatlardan ugur alyp

12 Aprel 2024
262

Ýaş nesliň sagdyn bedenli, kämil bilimli, çuňňur watansöýüji bolup ýetişmegi ugrunda bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän çäreler täze taryhy eýýamda many-mazmun hem-de çemeleşime taýdan örän netijeli häsiýete eýe bolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem bu ugurda ýurdumyzyň bilim edaralary tarapyndan döwrüň talabyndan ugur alnyp, giň möçberli, köpugurly işler ýola goýulýar.

2023-2024-nji okuw ýyly mekdep okuwçylary üçin özboluşly häsiýetde dowam edýär. Sebäbi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyllarynyň sepgidindäki okuw döwri üstünliklere, gyzykly wakalara beslenýär. Ýaş nesli bilim dünýäsinde täze sepgitlere ruhlandyrýar. Okuw ýylynyň başynda paýtagtymyzda ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçirilen Robototehnika boýunça döwlet bäsleşigi häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryndan baş çykarýan we bu ugurda täzeçe pikirlenmäge ukyply okuwçylary ýüze çykardy. Singapurda, Gazagystanda, Malaýziýada bolan robototehnika bäsleşiklerine, festiwallara, dürli ders olimpiadalaryna hem mekdep okuwçylary işjeň gatnaşyp, onlarça medallar bilen ýurdumyzyň halkara abraýynyň belende galmagyna mynasyp goşant goşdular. Ýurdumyzda geçirilen dürli döredijilik bäsleşiklerine hem işjeň gatnaşýan ýaşlarymyz «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik, «Türkmenistan — dost-doganlyk mekany», «Bitaraplyk — bagtymyz» atly temalardan iňlis dilinde düzme ýazmak bäsleşiklerinde ata Watanymyzyň, gözel tebigatymyzyň, Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň waspyny belentden ýetirýärler. Paýtagtymyzyň mekdep okuwçylary ýurdumyzyň bilim ulgamynda iň bir abraýly hem giň gerimli bäsleşikleriň biri bolan «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda ylmy-döredijilik ugry boýunça 6 sany, okuw dersleri boýunça 41 sany baýrakly orny eýelediler. Şeýlelikde, okuw dersleriniň we mekdepden daşary döredijilik işleriniň, robototehnika, senetçilik, el işleri boýunça gurnaklaryň sazlaşygy mekdep okuwçylarynyň belli bir hünäre ugrukmagynda, başarnyklarynyň kämilleşdirilmeginde möhüm ähmiýetlidigini görmek bolýar.

Baýrammyrat ANNAÝEW,
Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň başlygy.
Beýleki habarlar