Zehinliler öňe saýlandy

12 Aprel 2024
327

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň guramagynda «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň binasynda ýurdumyzyň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda informatika dersi boýunça bäsleşik geçirildi. Onuň maksady ýaşlaryň takyk ugurly derslere höwesini artdyrmakdan, programmirleme ukybyny ýüze çykarmaga we ösdürmäge ýardam etmekden ybarat boldy.

Iki tapgyrda geçen bäsleşige ýurdumyzyň welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan mekdep okuwçylarynyň 400-den gowragy gatnaşdy. Birinji tapgyr sanly bilim portaly arkaly onlaýn usulynda türkmen we rus dillerinde alnyp baryldy. Şunda gatnaşyjylara degişli 50 sowaldan ybarat test ýumuşlaryny hem-de 5 sany meseläni çözmäge 180 minut wagt berildi. Netijede, Aşgabatdan we welaýatlardan jemi 48 okuwçy ikinji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy.

Aýlar ATAJYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.
Beýleki habarlar