Hokkeý sportundaky üstünlikler

11 Aprel 2024
149

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen, Diýarymyzda sport ulgamy has-da kämilleşýär. Sportuň ýurdumyz üçin täze bolan: buzda figuralaýyn typmak, tans sporty, hokkeý ýaly görnüşleri rowaçlanýar.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, geçen ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda Gyşky sport toplumy, Milli olimpiýa sport toplumy ýaly gyşky oýunlar üçin niýetlenilen desgalar gurlup ulanylmaga berildi. Munuň özi buzly meýdançalarda oýnalýan oýunlar bilen bir hatarda, hokkeý sportunyň hem döremegine möhüm maddy-enjamlaýyn binýat bolup hyzmat etdi. Sportuň bu görnüşi bilen 7 — 13 ýaşly oýunçylar kiçi toparlara, 14 — 16 ýaşa çenli oýunçylar ýetginjekler toparyna, şondan ýokary ýaşdaky oýunçylar ulular toparyna degişli edilýär.

Göwher GARLYÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.
Beýleki habarlar