Sagdynlygyň mekany

11 Aprel 2024
269

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde uly işler amala aşyrylýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda geçirilen «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII spartakiadanyň jemleýji tapgyryny agzamak bolar.

Ýaryşyň jeminde medallaryň sany boýunça Ahal welaýatynyň türgenleri birinji orna, Lebap welaýatynyň türgenleri ikinji orna, Aşgabat şäheriniň türgenleri bolsa üçünji orna mynasyp boldular. Spartakiadada Tejen etrabymyzyň türgenleri sportuň türkmen milli göreşi boýunça çykyş edip, Allaberdi Gulaýew 62 kilogram agram derejesinde I orna, Annamyrat Öwezow 57 kilogram agram derejesinde I orna, Döwletnyýaz Durdygulyýew 68 kilogram agram derejesinde II orna, Gurbanmyrat Gulow 82 kilogram agram derejesinde II orna, Atamyrat Amandurdyýew 100 kilogram agram derejesinde II orna mynasyp boldular.

Döwletnyýaz DURDYGULYÝEW,
Tejen etrabynyň Tejen şäherindäki sport mekdebiň müdiri.
Beýleki habarlar