Sport — sagdynlygyň çeşmesi

11 Aprel 2024
221

Tejen etrap häkimliginiň, etrap bilim bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň bilelikde guramagynda etrapdaky 5-nji orta mekdepde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa ýokary synp mekdep okuwçylary gatnaşdy.

Ýaşlaryň hemmetaraplaýyn aň-düşünjeli we hünär eýeleri bolup ýetişmeklerini, boş wagtlaryny peýdaly geçirip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryny gazanmak maksady bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda çykyşlaryň birnäçesi diňlendi. Çykyş edenler bedenterbiýäniň we sportuň ynsan saglygy üçin uly ähmiýete eýedigi, sport bilen meşgullanmagyň adam bedeniniň berkemeginde ornunyň uludygy, sportuň beden we ruhy taýdan sagdynlygy, çuňňur pikirlenmegi, netije çykarmak endiklerini, ugurtapyjylygy, çeýeligi ösdürýärýänligi hem-de ýaş nesliň sagdyn ösüp kemala gelmegine ýardam edýänligi barada gürrüň berdiler.

Guwanç GURBANOW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Tejen etrap komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar