Ýaşajyk türgenler

11 Aprel 2024
269

Kaka etrabynyň 10-njy çagalar bagynda etrap bilim bölüminiň iş meýilnamasy esasynda mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň körpeleriniň arasynda “Ýaşajyk türgenler” atly sport bäsleşigi geçirildi. Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi hem-de etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde guralan ýaryşyň esasy maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe körpeleriň sagdyn ruhly, berk bedenli, giň gözýetimli we erjel bolup ýetişmegini gazanmakdan ybarat boldy.

Ýaryşyň şertlerine laýyklykda körpeje türgenler sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşdiler. Bu ýaryşlar körpeleriň ruhubelentligini aýdyň ýüze çykardy. Gyzykly geçen ýaryşda etrabyň 8-nji çagalar bagynyň körpejelerinden düzülen topar I orna mynasyp boldy.

Mähri ALIÝEWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Kaka etrap Geňeşiniň işgäri.
Beýleki habarlar