Şöhratly geçmişden aýdyň geljege çyrag

11 Aprel 2024
265

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan gadymy hem şöhratly taryhyň, baý mirasyň eýesi bolmak bilen, dünýäde belent abraýa eýedir. Häzirki wagtda ata-babalarymyzyň mukaddes ýol-ýörelgesi dowam etdirilýär, döwre görä ösdürilýär. Her bir türkmenistanly bu beýik hakykata guwanyp, buýsanyp ýaşaýar. Şol buýsanç halkymyzy röwşen geljegiň belentliklerine ruhlandyrýar. Şoňa görä-de, Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň çapdan çykmagy tutuş halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy. Bu waka Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabarasyny hem artdyrýar.

Täze kitap «Gadymy Änewiň täsinligi», «Taryhy birleşdirýän uly wakalar», «Ahal ýaýlasynda gadymy Änewiň şöhratly ýoly dowamata uzaýar» atly üç bapdan we bölümlerden ybarat bolmak bilen, onda okyjylar köpçüligine, ylmy jemgyýetçilige Watanymyzyň şöhratly taryhy, halkymyzyň baý medeni mirasy barada giň düşünje berilýär. Şunda türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň ösüşine goşan goşandy gadymy Änew medeniýetiniň mysalynda giňişleýin beýan edilýär. Bu neşiriň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň işgärleri üçin örän ähmiýetli bolandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Amanmyrat AÝDOGDYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar