Bagta rowana menziller

10 Aprel 2024
219

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde amala aşyrylýan düýpli özgertmeler hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer syýasatynda öz aýdyň beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň belent wezipeleri nazarlaýan maksatnamalarynyň netijesinde ýurdumyz uly ösüşlere eýe bolýar. Güneşli Diýarymyzyň her bir gününiň taryhy wakalara, şanly senelere, toý-dabaralara beslenmegi bedew bady bilen öňe barýan Watanymyzyň baky bagtyýarlygyň mekanydygynyň güwäsidir. Bu günki gün Türkmenistan ykdysady, syýasy taýdan depginli ösýän ýurda öwrüldi diýip, buýsanç bilen aýdyp bileris. Ata Watanymyzda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleriň netijesinde halk hojalygynyň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetilýär. Ykdysadyýet, ylym-bilim, medeniýet, saglygy goraýyş, sport ulgamlaryny hem-de beýleki ugurlary ösdürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmakda uly ösüşler gazanylýar.

Goý, beýik işleri bitirip, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

Nazar Garaýew,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor.
Beýleki habarlar