Ätiýaçlandyryş işi kämilleşýär

10 Aprel 2024
148

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda berkarar ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, parahat we abadan durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek ugrunda uly tagallalar edilýär. Ykdysady taýdan barha kuwwatlanýan ýurdumyzda ätiýaçlandyryş hyzmatlaryndan döwrüň ösen talaplaryna laýyk peýdalanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Bu işleriň ählisi döwlet Baştutanymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgesiniň durmuşymyzyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapýandygyna şaýatlyk edýär.

Ätiýaçlandyryş ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek we pudaklar, ulgamlar boýunça durnuklylygy üpjün etmek bilen birlikde, fiziki we ýuridik şahslaryň ätiýaçlandyryş halaty bilen baglanyşykly ýüze çykýan ýitgileriň öwezini dolmak, töwekgelçilikli ýagdaýlarda raýatlaryň kanuny bähbitlerini goramak ýaly möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär. Bu günki gün ýurdumyzyň ätiýaçlandyryş ulgamy hem döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda, yzygiderli kämilleşdirilýär. Döwlet ätiýaçlandyryşynyň hukuk binýady pugtalandyrylýar, hereket edýän ätiýaçlandyryş hyzmatlary döwrebaplaşdyrylýar. Ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek babatda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler ynsanperwer döwlet syýasatymyzdan ugur alýar. Döwletimizde alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, täze, has kämil nusgasyny kemala getirýär. Bu bolsa halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň durnukly we sazlaşykly ösüşini üpjün edýär. Dünýä tejribesiniň görkezişi ýaly, bazar gatnaşyklaryna geçmekde ätiýaçlandyryş ähli hojalyk işleriniň möhüm guraly bolup durýar.

Laçyn Baýryýewa,
welaýat döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň ätiýaçlandyryş amallary we ykdysady seljeriş bölüminiň hünärmeni.
Beýleki habarlar