Änew medeniýetiň äleme ýaýylýar

10 Aprel 2024
214

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli giň gerimli çärelere badalga berilmeginiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny halkymyza sowgat etdi. Toý şatlygyny artdyran gymmatly serpaý döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşinde, nesilleriň ruhy we ahlak kämilliginde baý medeni-taryhy gymmatlyklarymyzyň möhüm orna eýedigini ýene bir gezek tassyklady. 

Täze eser ady äleme dolan Änew medeniýetini, onuň dünýäniň medeni ösüşindäki mynasyp ornuny ylmy maglumatlara salgylanmak arkaly beýan edýär. Üç dilde çap edilen kitabyň dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretjekligi hem şol anyk taryhy maglumatlar bilen berk baglydyr. Sebäbi halkymyzyň şöhratly geçmişinden, gurmak, döretmek ýaly sogaply ýörelgelerinden söhbet açýan ylmy maglumatlaryň her biri ylmy jemgyýetçiligi täze taryhy açyşlara çagyrýar. Änewiň taryhy gymmatlyklary başga ýerlerde duş gelmeýän özboluşly sungat eserleri bolup, olar ata-babalarymyzyň dünýäniň medeni ösüşine goşan ummasyz goşantlarynyň buýsançly tassyknamasydyr. «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitap özüniň çuňňur many-mazmunynda şunuň ýaly mizemez durmuş hakykatlaryny jemlemek bilen, şöhratly geçmiş taryhymyza, keremli topragymyza, gülläp ösüşiň nurana ýolundan okgunly öňe barýan berkarar Watanymyza bolan buýsanjymyzy, guwanjymyzy has-da artdyrýar.

Wezirgeldi Aşyrow,
welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.
Beýleki habarlar