Bagtly geljegiň binýady

10 Aprel 2024
223

Sagdynlyk — bagtly geljegiň binýady. Şol esasdan ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan eziz Diýarymyzda halkymyzyň agzybir, abadan, sagdyn, eşretli durmuşda ýaşmagy üçin giň möçberli işler alnyp barylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sporty ösdürmek, jemgyýetde, esasan hem, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, olaryň sagdyn hem ruhubelent adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak baradaky işlere aýratyn üns berilýändigi bellärliklidir. Üstünlikli durmuş geçirilýän şeýle işleriň netijesinde hem ata Watanymyz sagdynlygyň, sportuň mekanyna öwrüldi.

Ajaýyp zamanamyz sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimiziň ähli ulgamlaryna giňden ornaşdyrmagyň we her bir raýatyň bu ýörelgä eýermegini gazanmagyň, türkmen sportunyň şan-şöhratynyň barha artýan döwri bolup taryha girer. Çünki sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, sporty ösdürmek döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.

Şatlyk Joraýew,
Balkanabat şäheriniň prokurorynyň uly kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar