Halkara ýaryşlaryň merkezi

10 Aprel 2024
206

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ýokary derejeli sporty ösdürmekde möhüm ähmiýetli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dünýä ülňülerine gabat gelýän sport desgalarynyň gurlup ulanylmaga berilmeginiň köpçülikleýin bedenterbiýäni jemgyýetimize ornaşdyrmakda uly itergi berýän güýç bolup durýandygyny bellemek aýratyn ýakymlydyr.

Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheri häzirki wagtda halkara sport ýaryşlaryny geçirmäge ukyply merkezleriň birine öwrüldi. Muňa mysal edip, ýurdumyzda 2018-nji ýylda geçirilen «Amul — Hazar 2018» awtorallisini, 2019-njy ýylda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» geçirilen Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyny, ýagny iri halkara sport ýaryşlaryny buýsanç bilen bellemek bolar. Halkara sport ýaryşlarynyň mekanyna öwrülen berkarar Diýarymyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem milli ýygyndy toparlarymyz yzygiderli halkara derejeli sport bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Allaýar MERDANOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby.
Beýleki habarlar