Zehinli ýaşlar kemala gelýär

10 Aprel 2024
239

Taryhy tutumlary bilen röwşen geljegini gurýan eziz Diýarymyz dünýäde bagtly çagalygyň ýurdy hökmünde meşhurdyr. Ýaş nesliň bilim-terbiýe almagy, aýdym-saz, döredijilik bilen meşgullanmagy, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde edilýän aladalar ata Watanymyzy belent derejä ýetirdi. Täze taryhy eýýamda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda nusgalyk tutumlar üstünliklere beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gurduran häzirki zaman bilim-terbiýe, medeniýet we sungat ojaklarynyň, medeni-dynç alyş we sport merkezleriniň, kitaphanalardyr muzeýleriň hatarynyň yzygiderli artmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şol bir wagtda hem çagalaryň tebigy zehin-ukyplaryny ýüze çykarmaga, olary sungatyň dürli ugurlaryna ugrukdyrmaga mümkinçilik berýän döredijilik bäsleşiklerini, festiwallary geçirmek asylly däbe öwrüldi. Munuň özi bagtyýar çagalaryň kalbyna ylham berip, aýdym-saza, bilimdir döredijilige höweslerini artdyrýar. Olaryň döredijilik we zehin taýdan kämilleşmekleriniň gözbaşyna öwrülýär.

Watanyň egsilmez baýlygy, güýç-kuwwaty hasaplanylýan zehinli ýaş nesliň kemala gelmegi üçin nusgalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygymyz egsilmezdir. 

Natalýa Zaharowa,
Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesiniň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar