Gyzykly hem netijeli oýunlar

10 Aprel 2024
157

Futbol

Futbol boýunça milli çempionatymyz gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. 5-nji tapgyr ähli oýunlarda myhmanlaryň ýeňiş gazanmaklary bilen ýatda galyp, şol tapgyrda Balkanabadyň «Nebitçi» topary dynç aldy. Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamy» bolsa Aşgabatda «Köpetdag» bilen duşuşyp, janköýerleriniň «berekellasyna» mynasyp bolmagy başardy. Oýnuň 10-njy minutynda hasaby myhmanlardan Röwşen Baýlyýew açdy. 13-nji minutda Şiri Annaýew jogap pökgüsini geçirse-de, şondan soňra diňe myhmanlaryň hüjümleri netijeli tamamlandy, ýagny 29-njy minutda 11 metrlik jerime urgusyndan Mekan Aşyrowyň, 45-nji minutda Arslan Ýollyýewiň, 54-nji minutda Hydyrgeldi Atjanowyň geçiren gollary «Şagadamyň» uly hasaply ýeňşini üpjün etdi.

Aşyr Berdiýew.
Beýleki habarlar