Türkmenistanyň halkara sport abraýy barha pugtalanýar

10 Aprel 2024
171

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda belent sepgitleri nazarlaýar. Geljek hepdede, has takygy, 15 — 20-nji aprel aralygynda mermer şäherimiz Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryş munuň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary bilen, guramaçylyk topary döredilip, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasy tarapyndan degişli Düzgünnamasy tassyklanylan bu halkara ýaryş dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, şeýle hem ýurdumyzyň halkara sport abraýyny mundan beýläk-de belende götermek maksady bilen geçirilýär.

Aýgül Garaýewa,
Ahal welaýat medeniýet merkeziniň hünärmeni, «Esger».
Beýleki habarlar