“Berkarar döwlet istärin”

9 Aprel 2024
227

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň maddy we ruhy gymmatlyklary ösüşler üçin egsilmez çeşme bolup hyzmat edýär. Hut şonuň üçin halkymyzyň asyrlar aşyp kämilleşen medeniýeti, dili, edebiýaty, sungaty, taryhy we gadymy milli mirasy ylmy esasda öwrenilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen milli gymmatlyklarymyz dünýä ýaýylýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda nusgawy edebiýatymyzyň gymmatlygyny dünýä ýaýmak we ýaş nesillere öwretmek asylly ýörelgeleriň biridir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda bagtyýar ýaşlarymyzyň nurana ertiri, nesil terbiýesiniň dowamat-dowam bolmagy ugrunda netijeli işler ýola goýulýar. Nesil terbiýesi nusgawy edebiýatymyzyň eserlerinde, şol sanda baý döredijiligi bilen döwürlere we nesillere şamçyrag bolan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda hem giňişleýin şöhlelenýär. Magtymguly Pyragy - çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda müdimi orny eýelän beýik şahsyýet. Akyldar şahyryň döredijiligi bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyga öwrüldi. Dürdäne goşgy setirleriniň köpüsi dilden-dile geçip, nakyllardyr atalar sözüne öwrülipdir. Şonuň üçin hem bu pähimli sözleriň manysyny ýaş nesillere düşündirmekde bilim işgärleriniň aýratyn ornunyň bardygyny bellemek gerek. Dana şahyr Watanyň ezizligini, mukaddesligini, gadyr-gymmatynyň beýikdigini nygtaýar.

Güljahan KADYROWA
Çärjew etrabynyň 49-njy orta mekdebiniň rus dili mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy
Beýleki habarlar