Bedenterbiýe we sport - sagdyn durmuşyň gözbaşy

8 Aprel 2024
80

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny goramaga gönükdirilen maksatlaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Saglygyň, sagdyn durmuşyň gözbaşy bolsa bedenterbiýe we sportdur. Şonuň üçin hem ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmäge uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda bedenterbiýe we sport her bir adamyň, hususan-da, ýaşlaryň iň ýakyn hemrasyna öwrüldi. Berk bedenli, sagdyn, ruhubelent nesli terbiýeläp ýetişdirmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Şonuň üçin ýurdumyzyň ähli künjeklerinde stadionlar, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, sport mekdepleri bar. Şeýle döwrebap sport mekdeplerinde ýaşlarymyz sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, saglyklaryny berkidýärler hem-de tälim alýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly ajaýyp kitabynda: “Biz ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutup, beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berýäris. Döwletimiziň bu asylly maksatlarynyň amala aşyrylmagynda sport esasy orunlaryň birini eýeleýär” diýip nygtaýar. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ynsan saglygyny goramakda sportuň we bedenterbiýäniň uly ähmiýeti bardyr. 7-nji aprelde eziz Watanymyzda asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi. Halkara senä gabatlanyp geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy bolsa sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy bolan sportuň döwlet syýasatynda esasy ugurlaryň biridigini nobatdaky gezek aýdyň tassyklady.

Kyzlarhan HUDAÝAROWA
Çärjew etrabynyň 50-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy
Beýleki habarlar