Işine ussat tälimçi

10 Aprel 2024
215

Çärjew etrabyndaky 4-nji sport mekdebiniň basketbol boýunça 1-nji derejeli tälimçisi Jumakuly Durdyýew indi 10 ýyldan bäri ýaşlary sporta köpçülikleýin çekmekde ak ýürekden zähmet çekýär. Ol bu döwrebap sport mekdebinde toparlaryň 3-sinde türgenleriň 40-a golaýyna basketbol oýnunyň düzgün-tärlerini öwredýär. Tälimçiniň işine içgin we jogapkärçilikli çemeleşýändigini türgenleriň yzygiderli gazanýan üstünlikleriniň mysalynda hem görmek bolýar.

Geçen ýyl erkekleriň arasynda welaýatyň kubogyny we birinjiligini almak ugrunda geçirilen ýaryşlarda Jumakulynyň ýolbaşçylygyndaky topar ýeňiji boldy. Şeýle hem bu topar basketboluň kiçi görnüşi boýunça geçirilen ýurdumyzyň birinjiliginde üçünji, 3X3 görnüşi boýunça bolsa birinji orunlary eýeledi. Ussat tälimçiniň şägirtleri bu ýeňişlerini üstümizdäki ýylda hem dowam edýärler. Olar şu ýylyň fewral aýynda basketboluň 3X3 görnüşi boýunça Türkmenistanyň birinjiligini almak boýunça guralan ýaryşda we ýetginjeklerden düzülen toparlaryň arasynda geçirilen çempionatda ikinji orna mynasyp boldular.

Sahypany taýýarlan Merjen KADYROWA,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren Merdan ORAZOW.
Beýleki habarlar