Täzelikler

10 Aprel 2024
187

Welaýatymyzyň orta mekdepleriniň 9 — 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan olimpiadalar guraldy.

Olimpiadalarda mekdep okuwçylarymyz üstünlikli çykyş etdiler. Olar diplomlar, medallar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldylar. Türkmenabat şäheriniň, Çärjew, Halaç, Dänew etraplarynyň orta mekdepleriniň okuwçylary bu olimpiadalarda ýeňiji bolmagy başardylar. Olimpiadalaryň düzgünnamasyna laýyklykda guramaçylyk toparlarynyň çözgüdi esasynda gutardyş synpda okaýan, ýokary netije gazanan okuwçylara bu ýokary okuw mekdeplerinde ýokary bilim almak üçin ýeňillikler dörediler.

Beýleki habarlar