Milli mirasymyza belent sarpanyň aýdyň nyşany

10 Aprel 2024
290

Etrabymyzyň «Gülüstan» daýhan birleşiginde etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Saýat etrap bölüminiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramaklarynda eli çeper gelin-gyzlaryň gatnaşmaklarynda üme çäresi geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimizde umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny aýap saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça ägirt uly işler yzygiderli alnyp barylýar. Bagtyýar döwrümiziň bagtly türkmen zenanlary ene-mamalarymyzyň döredijilik däplerini üstünlikli dowam etdirýärler. Şonuň netijesinde türkmen halkynyň gadymyýetden gözbaş alýan medeni mirasy belent derejede sarpalanylýar. Ajaýyp keşdeler, owadan nagyşlar özlerinde döwürleriň medeniýetini, däp-dessurlaryny saklaýan maddy däl medeni mirasymyzyň ajaýyp nusgalarydyr.

Mähri KADYROWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Saýat etrap birleşmesiniň hünärmeni.
Beýleki habarlar