Sport bäsleşikleri geçirildi

10 Aprel 2024
203

Etrabymyzda ilaty, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlary, sporta we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketine çekmäge uly üns berilýär. Şu maksat bilen dürli sport çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Etrabymyzdaky 3-nji sport mekdebinde geçirilen bäsleşikler sportuň alty görnüşini öz içine aldy. Oňa etrabymyzyň edara-kärhanalarynyň işgärleriniň, sport mekdepleriniň türgenleriniň köpsanlysy gatnaşdy.

Çekeleşikli we ýiti bäsdeşlik ýagdaýynda geçen bäsleşiklerde ussatlar öňe saýlandylar. Olaryň ýeňijilerine ýaryşy guraýjylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Biz şeýle çäreleri geljekde hem yzygiderli geçirmegi meýilleşdirýäris. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ýokary netijeli sporty we bedenterbiýe hereketini ösdürmek boýunça öňde goýýan jogapkärli wezipelerini durmuşa geçirmäge mynasyp goşandymyz bolar.

Dursunaý KURBANKULYÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Çärjew etrap birleşmesiniň baş buhgalteri.
Beýleki habarlar