Welaýatyň açyk birinjiligi geçirildi

10 Aprel 2024
157

Sport mekdebimizde gandbol boýunça 2007 — 2008-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasynda welaýatyň açyk birinjiligi geçirildi. Oňa welaýatymyzyň etrap-şäherleriniň toparlary bilen bilelikde Aşgabat şäheriniň ýygyndy topary hem gatnaşdy. Oglanlaryň arasynda guralan ýaryşlarda paýtagtly myhmanlar birinji orny eýelediler. Türkmenabat şäheriniň we Dänew etrabynyň toparlary degişlilikde ikinji we üçünji baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Gyzlaryň arasynda guralan duşuşyklaryň netijeleri boýunça Türkmenabat şäheriniň topary birinji orna mynasyp boldy. Ýaryşda aşgabatly we dänewli gyzlar degişlilikde ikinji we üçünji orunlary eýelediler. Ýeňiji bolan toparlar welaýat bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň Hormat hatlary we medallar bilen sylaglanyldy.

Daniýar BERDIÝEW,
Türkmenabat şäherindäki 1-nji sport mekdebiniň müdiri.
Beýleki habarlar