Ömre gönezlik ynanç

10 Aprel 2024
211

Ruhy atamyz Magtymguly Pyragynyň «Ýylyň dört paslynda — on iki aýda, Remezan diýerler aýyň ýagşysyn» diýip taryplan mukaddes aýynda ýagşylyk we ynsançylyk barada adamlar, megerem, adatdakydan kän oýlanýandyrlar. Çünki mukaddesliklere we ruhy gymmatlyklara baý bolan Remezan aýy ynsanlary bezeýän iň ajaýyp duýgularyň, häsiýetleriň timarlanýan, terlenip, pür-pudak ýaýradýan aýy. Arzylanyp, buşlanyp garşy alynýan aýyň bosagasynda we tutuş dowamynda ýurt derejesinde amal edilýän sahawata ýugrulan beýik işler tutuş jemgyýeti, onuň her bir agzasyny haýyr-sogabyň yşgyna atarýar. Şu ýyl hem hut şeýle boldy.

Saud Arabystanynyň Jidda şäherine Aşgabatdan ýola goýlan täze howa gatnawy bilen ildeşlerimiziň ýüzlerçesiniň umra haj zyýaratyny amala aşyrmaklary, oba-şäherlerde haj sadakalarynyň berilmegi, Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly zenanlaryň uly toparyna hormatly atlaryň dakylmagy, täze jaýlaryň açarlarynyň gowşurylmagy, jaý toýlarynyň tutulmagy kalplarda Watana, döwlete alkyşyň, sahawatlylygyň we şükürliligiň artmagyna getirdi.

Muhammetberdi ANNAGELDIÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar