Sahawatlylygyň we hoşniýetliligiň baýramy

9 Aprel 2024
249

Täze taryhy eýýamda toý-baýramly Diýarymyzda dabaraly bellenilýän baýramçylyklaryň biri-de Oraza baýramydyr. Bu baýram her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oraza baýramyny bellemek hakynda» Permanyna laýyklykda hem-de şonda görkezilen senede bellenilýär. Bu babatdaky çözgüt Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, köpasyrlyk däp-dessurlarymyza aýawly çemeleşmek, ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda kabul edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýaňy-ýakynda gol çeken Permanyna laýyklykda, şu ýyl Oraza baýramy 10-njy aprelde bellenilýär.

Tirkeş MÄMMEDOW,
«Bereketli toprak».
Beýleki habarlar