Döwrebap özgertmeler

9 Aprel 2024
419

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilim ösdürilýär, kämil ýaşlar kemala gelýär. Şunda bilim özgertmeleriniň, sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň uly ähmiýeti bardyr. Hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçilikleri esasynda sanly ulgamy we sanly bilimi ösdürmek ugrunda uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryna, ylmyň mümkinçiliklerine esaslanýan bilim özgertmeleri ýaşlaryň kämil, bilimli hünärmenler bolup ýetişmegine ýardam edýär.

Bilim bagtyýar durmuşymyzyň berk binýadyny üpjün edýär. Çünki bilim döwletiň daýanjydyr, ygtybarly ösüşleriniň kepilidir. Şonuň üçin hem okatmagyň döwrebap usullarynyň ösdürilýändigi bellenmäge mynasypdyr. Häzirki wagtda okadylýan sapaklar kompýuter tehnologiýalary, dürli programma üpjünçiligi esasynda alnyp barylýar. Sanly tehnologiýalaryň sapaklarda peýdalanylmagy ýaşlaryň bilimleri tiz özleşdirmegine, ylym dünýäsine aralaşmagyna täsir edýär. Bu, esasan hem, sapaklaryň utgaşykly alnyp barylmagynda, nazaryýet bilen tejribäniň sazlaşygynda has oňat netije berýär.

Guwanç ANNASAPAROW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar