Ylym ýoly — ykbal ýoly

9 Aprel 2024
991

Gurbangül Guzyçyýewa ykbalyny ylma baglan hem-de kesbinden kemal tapýan zenanlaryň biri. Halypa alym zenan häzirki wagtda-da ylym bilen meşgullanmagyny dowam edýär. Ýaş alymlara halypalyk edýändigine garamazdan, özi-de ylmy öwrenmegi dowam edýär. Ylmy gözleglerini golýazma nusgalary bilen baglanyşykly islendik temadan ýazsa-da, ol çuňňur derňew geçirip, türkmen edebiýatynyň inçe syrlaryny açyp görkezýär. Ol alymlara mahsus bolan sypaýylyk, agraslyk, pespällik, açykgöwünlilik ýaly ajaýyp häsiýetleri özünde jemleýän, türkmen milli ylmyny ösdürmäge önjeýli goşant goşýan alymlaryň hatarynda tanalýar.

Ol 1971-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 13-nji orta mekdebi tamamlap, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girýär. Ýokary okuw mekdebinde tejribeli mugallymlardan sapak alýar.

Nurtäç ANNAMUHAMMEDOWA,
«Garagum».
Beýleki habarlar