Abadan ýaşaýşyň hyzmatynda

8 Aprel 2024
232

Suw abadan ýaşaýşyň, ilatyň sagdyn bolmagyny gazanmagyň esasy şertleriniň biridir. Suwuň bar ýerinde ýaşaýyş bar, suwuň bol ýerinde gülläp ösüş bar. Şu hakykatdan ugur almak bilen, geçen ýyllarda «Türkmenistanyň ilatly ýerlerini agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamany» üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda uly möçberli işler bitirildi. Şonuň netijesinde Lebap welaýatynyň ilatly ýerlerini agyz suwy bilen üpjün etmek wezipesi üstünlikli çözülýär. Bu möhüm işe «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Türkmen geologiýa gözleg ekspedisiýasynyň Köýtendag geologiýa gözleg partiýasynyň başarjaň hünärmenleri maksada okgunly ýagdaýda gatnaşýarlar.

— Gündogar welaýatyň obadyr şäherlerini agyz suwy bilen ygtybarly üpjün etmek maksady bilen ýerasty suwlaryň täze ýataklaryny agtaryp tapmak, olaryň goruny anyklamak boýunça gözleg işlerini alyp barýarys. Golaýda möhüm taslamalaryň ikisini üstünlikli tamamladyk — diýip, baş geolog Şanazar Anarow bizi geçen döwürde ýerine ýetirilen işler bilen tanyşdyrdy.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
«Nebit-gaz».
Beýleki habarlar