Russiýa Federasiýasynyň üsti bilen Hytaýdan Ýewropa uzaýan demir ýol gatnawy şu ýylyň birinji çärýeginde 44% ösdi

8 Aprel 2024
132

2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Russiýanyň üsti bilen demirýol arkaly Hytaýdan Ýewropa konteýner daşamagyň mukdary 44% artyp, bu görkeziji 90 müň TEU ýetdi. Şeýle maglumatlar «Russiýanyň demir ýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň orunbasary, şol marka bilen hereket edýän Ulag hyzmatlary merkeziniň (CFTS) başlygy Alekseý Şilo tarapyndan geçirilen brifingde žurnalistlere ýetirildi. Ol «Russiýanyň demir ýollarynyň» 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginiň netijeleri boýunça üstaşyr gatnawyň ösüş depgininiň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 30-40% ýokarlanmagyna garaşýandygyny belleýär.

«Hytaý—Ýewropa» üstaşyr demir ýol ugry Gyzyl deňizde ýüze çykan dartgynlyk sebäpli, halkara ýük ekspeditorlary tarapyndan, ilkinji nobatda, Gazagystanyň we Belarusyň üstünden uzaýan iň gysga ýol boýunça gaýtadan ulanylyp başlandy. Ýüze çykan kynçylyklar sebäpli, birnäçe gämi gatnaw kompaniýalarynyň gämileriniň Afrikany aýlanyp, Ýewropa tarap ýola düşmegini we bu ugra 3600 deňiz miliniň ýa-da üstaşyr 20 günüň goşulmagyny saýlamagyny şertlendirdi. Şu şertlerde Russiýanyň üsti bilen Hytaýdan Ýewropa çenli has gysga we amatly gury ýer ýük daşaýjylary hemmeleriň ünsüni özüne çekdi.

Beýleki habarlar