Söwda toplumy: gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler

7 Aprel 2024
203

3 — 5-nji aprel aralygynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi geçirildi. Nobatdaky gözden geçirilişde ýurdumyzyň söwda-ykdysady taýdan ýeten sepgitleri, gazanan üstünlikleri öz beýanyny tapdy.

Üstünlikli geçen bu sergä Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň düzümleridir kärhanalary gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda «Türkmenetsüýtsöwda», «Türkmenbakaleýa» lomaý-bölek söwda kärhanalaryny, «Howdan-Bajgyran» söwda firmasyny, Aşgabat şäheriniň Bazarlar birleşigini, şeýle hem ilkinji gezek gatnaşýan Arkadag şäher Söwda müdirligini görkezmek bolar. Bu ýerde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň önümçilik-söwda guramalary, alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleri hem öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar. Şeýle hem sergide «Mizan» täjirçilik merkezi, «Ruhubelent», «Altyn Ýyldyz» kärhanasy, «Parahat» medeni-dynç alyş merkezi, «Altyn asyr» söwda merkezi jemgyýetçilik iýmiti pudagyndaky hyzmatlaryň ugurlary bilen sergä gelenleri giňişleýin tanyşdyrdylar. Sergide ýurdumyzdaky Kompýuter tehnologiýalary merkeziniň hyzmatlary, «Türkmenlomaýdaşarysöwda» birleşiginiň kärhanalary, «Altyn damja», «Tut», «Sada suw» kärhanalarynyň agyz suwlary we dürli görnüşli içgilerine uly orun berildi. Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň diwarlygynda hem ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň netijeli ýollaryny görkezýän diwarlyklar goýlupdyr. Mundan başga-da, köp ugurly bolan söwda toplumynyň sergisinde bakaleýa harytlary, ter miwe, gök-bakja, azyk senagatynyň dürli önümleri ýerleşdirilen göze gelüwli diwarlyklar hem-de «Türkmenhaly» döwlet birleşigine degişli bolan haly we haly önümleri, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli bolan dokma önümleri, beýleki harytlaryň giň toplumy bar.

Sahypany taýýarlan: Sadap MUHAMOWA, «Biznes reklama».
Beýleki habarlar