Sport — sagdynlygyň we abadan durmuşyň gözbaşy

7 Aprel 2024
326

7-nji aprelde eziz Watanymyzda asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi. Halkara senä gabatlanyp geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy bolsa sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy bolan sportuň döwlet syýasatynda esasy ugurlaryň biridigini nobatdaky gezek aýdyň tassyklady. Saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin hem uly gymmatlykdyr, çünki ol beden taýdan sagdynlygyň, güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, bir söz bilen aýdylanda, abadan durmuşyň gözbaşydyr. Şeýle hem 7-nji aprelde halkara ýaryşlarda üstünlik gazanan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Hormatly Prezidentimiz halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparlarynyň türgenlerine iberen Gutlagynda şeýle belleýär: «Ýurdumyzda halkyň saglygyny berkitmek, ýaşlary sporta çekmek arkaly beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri ýetişdirmek, Olimpiýa hereketini, ösen milli sport ulgamyny rowaçlandyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda uly işler amala aşyrylýar. Bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar».

Her ýylyň 7-nji apreli milli senenamamyzda dostlugyň, parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde aýratyn orun tutýar.

Aşyrmuhammet GURBANMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory.
Beýleki habarlar