Ýaşlar – Watanyň buýsanjy

6 Aprel 2024
204

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Watanymyzyň nurana geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesiller baradaky aladany üns merkezinde saklap, olaryň ylymly, bilimli bolmaklary, döwrüň talaplaryna laýyk zähmet çekmekleri üçin ähli şertleri döredip berýär. Ýaşlar baradaky alada Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň röwşen geljeginiň kepili bolup durýar. Şonuň esasynda hem ýaşlar özleriniň zähmet çekýän ugurlarynda erjellik bilen işläp, uly üstünliklere ýetýärler.

Hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat beren «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaby hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň 2023-nji ýylda ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň jemi jemlenýär. Baý many-mazmunly bu kitap geljekde diňe bir ýaşlarymyz üçin ýol-ýörelge bolman, eýsem, ähli ýaşdaky watandaşlarymyzda uly gyzyklanma döretdi, her birimiziň işimiz üçin gymmatly gollanma boldy.

Firýuza BÝAŞIMOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar