Abraýly ýaryşyň bosagasynda

6 Aprel 2024
273

Ata Watanymyzyň ýene bir abraýly halkara ýaryşy kabul eder. 2024-nji ýylyň 15 – 20-nji aprelinde Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryş geçiriler. Ýaryşda Türkmenistana ýurdumyzyň sekiz gezek çempiony, Içeri işler ministrliginiň «Galkan» topary wekilçilik eder. Biz golaýda bu toparyň «Galkan» gyşky oýunlar sport toplumynda geçiren türgenleşigine gatnaşyp, halkara ýaryşa görülýän taýýarlyga ýakyndan şaýat bolduk.

Tälimçi Ilýas Weliýewiň belleýşi ýaly, türkmen hokkeýçileri 10 – 16-njy mart aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen dünýä çempionatynyň «A» toparynyň üçünji diwizionynyň duşuşyklaryna gatnaşdylar. Esasyny «Galkanyň» oýunçylary düzýän milli ýygyndymyz bu ýerde ýer eýeleriniň, Lýuksemburgyň, Meksikanyň, Tailandyň we GAR-yň toparlary bilen bäsleşmäge mümkinçilik aldy. Bu barada toparymyzyň kapitany Ahmet Gurbanow şeýle gürrüň berdi:

Kakamyrat Geldiýew,
«Türkmen sporty».
Beýleki habarlar