Şaý-sepler diňe bezeg üçinmi?

5 Aprel 2024
401

Altyndan, kümüşden, dürden (žemçug), sadapdan (perlamutr), lagldan (rubin) ýasalyp, pöwrize (birýuza), zümerret (izumrud), göwher (brilliant), ýakut (sapfir) ýaly gymmat bahaly daşlardan gaş edilen şaý-sepleriň tarypy nusgawy şahyrlarymyzyň her biriniň döredijiliginde öz beýanyny tapypdyr. Şygryýet äleminiň ussatlary gyzyl, kümüş gülýakalaryň, bilezikleriň, gulakhalkalaryň, ýüzükleriň, şelpeli gupbalaryň, çapraz-çaňňalaryň kaşaňlygyny, nepisligini, owadanlygyny, reňbe-reň öwüşginini wasp edip, olara gelin-gyzlaryň görküne-görk goşýan bezeg hökmünde seredipdirler.

Diňe bir şahyrana setirleri hem-de olara siňdirilen akyl-paýhasy, beýik pelsepesi bilen däl-de, eýsem, zergärçilik senediniň ussasy hökmünde-de adamzadyň taryhynda görnükli yz galdyran Magtymguly Pyragy bolsa «Näme sen?» atly şygrynda:

Taýýarlan Narjan ILMYRADOWA,
«Saglyk».
Beýleki habarlar