Bedeniň artyk agramynda geçirilýän fiziki maşklar

5 Aprel 2024
702

Dünýäniň ähli ýurtlarynda bedeniň artyk agramyndan we semizlikden ejir çekýänleriň sany ýyl-ýyldan artýar. Bu ýagdaýa adamyň az hereketliliginiň netijesinde bedende madda alyş-çalyş hadysasynyň bozulmagy sebäp bolýar. Artyk agram ýürek-damar ulgamynyň keselleriniň, II tipli süýjüli diabetiň döremek hem-de bogunlara we oňurga sütünine agramlyklaryň düşme ähtimallygyny ýüze çykarýar. Şonuň üçin semizligiň öňüni almakda, bedeni kadaly agrama getirmekde fiziki hereketleriň, maşklaryň aýratyn ornunyň bardygy amalyýetde subut edildi. semizlikde geçirilýän fiziki maşklar gandaky glýukozanyň (şekeriň) artyk mukdarynyň saklanmagynyň öňüni alýar. Ondan başga-da ganda holesteriniň derejesini we gan basyşyny kadalaşdyrýar. Ýöne semizlikde fiziki maşklar bilen bir hatarda berhiz saklamaklygy, şol bir wagtda ýeňil özleşýän iýmitleri kabul etmekligi ýatda saklamalydyr.

Semizlikde fiziki maşklary ýerine ýetirmäge girişmezden ozal doly barlaglardan geçmeli, şeýle hem ýürek-damar, dem alyş ulgamlarynyň kadaly işleýşine göz ýetirmeli. Ýörite fiziki maşklar bedeniň madda çalşygyny, okislenme-dikeliş hadysasyny kadalaşdyrýar, artyk agramy peseldip, ýürek-damar hem-de dem alyş ulgamynyň funksional ýagdaýyny gowulaşdyrýar, fiziki işjeňliligi ýokarlandyrýar. Netijede, bedende ýag we uglewod çalşygynyň kada gelmegine ýardam edýär. Bedeniň artyk agramyna garşy göreşmekde has netijeli usullaryň biri – bejeriş bedenterbiýesidir.

Jeren AGAJYKOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar