Uzak ýaşamagyň syry

4 Aprel 2024
199

Saglyk — bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy. Ýaşaýşy bolsa, hereketsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Her bir adam näçe ýaşandygyna garamazdan, hereketde bolmaly. Hereketiň ähmiýetiniň juda uludygyny unutmaly däldiris.

Günüň dowamynda 30 — 45 minut bedenterbiýe bilen meşgullanmak uzak ýaşamagyň syrydyr. Fiziki hereket bedeniň berkemegi we bedenden zyýanly maddalaryň bölünip çykmagy üçin peýdalydyr. Bedeniňi taplamagyň iň ygtybarly usullary pyýada ýöremek, suwda ýüzmek, ylgamak, tigir sürmek, gimnastika bilen meşgullanmakdyr. Şeýle-de tigir sürmek adam bedenine peýdaly hereketleriň biridir. Tigir sürmek adamyň aýaklarynyň myşsalaryny berkitmäge ýardam berýär, olaryň çydamlylygyny artdyrýar, gany kislorod bilen baýlaşdyrýar. Mundan başga-da, sportuň bu görnüşi gözleriň görüşini güýçlendirmek üçin hem peýdalydyr. Sebäbi uzaga seredip, daşdaky bir zada gözüňi dikmek göz myşsalarynyň berkemegine ýardam berýär.

Aýjemal BABAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýokanç keseller kafedrasynyň kliniki ordinatory.
Beýleki habarlar