Halkara habarlar giňişliginde — Türkmenistan

4 Aprel 2024
342

28-nji martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Türkmen topragy — gadymy medeniýetleriň merkezi» atly halkara metbugat maslahaty geçirildi.

Foruma ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Beýik Britaniýanyň, Wengriýanyň, Moldowa Respublikasynyň Gagauziýa awtonom-çäk düzüminiň, Gruziýanyň, Yragyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Makedoniýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň öňdebaryjy habarlar agentlikleriniň, teleradio kompaniýalarynyň, kino birleşikleriniň, internet portallarynyň, gazet-žurnallarynyň, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ), Ýewropa ýurtlarynyň Teleradioýaýlymlar birleşigi (EBU), Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Radio we telewideniýe birleşigi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Habarlar agentlikleriniň birleşigi (UNA) ýaly abraýly düzümleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Wekilleriň hatarynda Kanadanyň «HEC Montreal» we Türkiýäniň Bahçeşehir uniwersitetleriniň mugallymlary hem bar.

Beýleki habarlar