Tejribelik geçýän talyplaryň bäsleşigi geçirildi

4 Aprel 2024
1254

«Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty «Berdimuhamet Annaýewiň durmuş we zähmet ýoly mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmegiň usulyýet esasydyr» atly bäsleşigi guramaga gatnaşdy.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen bilelikde guralan bäsleşik iňlis dilini okatmagyň usulyýeti boýunça geçirildi. Oňa ýokarda ady agzalan ýokary okuw mekdepleriniň mugallymçylyk tejribeligini geçýän talyplary gatnaşdylar.

Enejan HUDAÝNAZAROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar