Çempion birinji orunda

4 Aprel 2024
220

Iki duşuşykda garşydaş derwezelere 12 gol geçiren «Arkadag» futbol topary 4-nji we 5-nji tapgyrlarda ýene-de ýeňişli ýoluny dowam etdirdi. Ýurdumyzdaky ilkinji akylly şähere wekilçilik edýän topar 4-nji tapgyrda «Ahaly», 5-nji tapgyrda bolsa «Aşgabat» futbol toparyny uly hasaplar bilen ýeňdi.

4-nji tapgyrdaky duşuşyk «Arkadag» futbol topary üçin aýratyn ähmiýete eýe. Çünki topar şol duşuşygy Arkadag şäherindäki 10 müň orunlyk sport toplumynda geçirdi. Munuň özi toparyň milli çempionatymyzda öz stadionyna ilkinji gezek gadam basyşydyr. Ilkinji gadam örän şowly hem boldy. Topar ilkinji üç tapgyrda juda üstünlikli çykyş edip, birinji orna çenli göterilen «Ahaly» 4:1 hasabynda ýeňip, ýaryş tertibiniň başyna geçirdi.

Agageldi ITALMAZOW,
žurnalist.
Beýleki habarlar