Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip

3 Aprel 2024
262

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge, esasan-da, ýaş nesliň bedenterbiýe-sagaldyş hereketlerine köpçülikleýin çekilmegine durmuşyň iň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde aýratyn uly üns berilýär. Şeýle tutumly işlerden ruhlanyp, ýakynda podpolkownik Sapar Berdiýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde harby gullukçylary sagdyn beden we ruhy taýdan terbiýelemek maksady bilen, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş medeni çäreleri geçirildi. Bu çäräniň dowamynda zenan harby gullukçylar sportuň 100 hem-de 200 metr aralyklara ylgamak, uzynlygyna bökmek, uly-kiçi tennis hem-de bellenen päsgelçilik ýodasyndan geçmek we beýleki görnüşleri boýunça bäsleşdiler. Çekeleşikli geçen bäsleşikde uly leýtenant Gülşirin Mukdarowa sportuň gysga aralyklara ylgaw görnüşlerinden 1-nji, borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Tawus Wekilowa uzynlygyna bökmek, uly tennis görnüşlerinden 1-nji orny eýelediler. Borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Saida Halmurzaýewa bu ýaryşlarda has-da tapawutlanmagy başardy. Ýeňijilere serkerdäniň adyndan Hormat hatlary we TMÝG-niň etrap geňeşiniň sowgatlary gowşuryldy.

Sona ESENMÄMMEDOWA,
uly leýtenant.
Beýleki habarlar