Jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini alamatlandyrýan sene

3 Aprel 2024
673

7-nji aprel — Bütindünýä saglyk güni

Ynsan saglygy ähli zatdan ileri tutulýan, raýatlaryň saglygyny goramakda we berkitmekde, sagdyn durmuş ýörelgesiniň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sportuň jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap almagyny gazanmakda dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýän berkarar döwletimizde her bir baýramçylyk giň gerimli, şatlyk-şowhunly çärelere beslenip, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň güwäsi bolup dabaralanýar. Her ýylyň 7-nji aprelinde bellenip geçilýän Bütindünýä saglyk gününiň şol toý-baýramlaryň içinde aýratyn many-mazmuna eýedigini bellemek ýakymlydyr. Sebäbi bu baýram dünýädäki her bir adam üçin ähli döwürlerde hem iň gymmatly zat bolan saglygyň sarpasynyň has-da belende göterilýän senesidir.

Aşyrberdi Gurbanow,
«Balkan».
Beýleki habarlar