Täze sahypany açan ýeňiş

3 Aprel 2024
260

Dzýudonyň Köýtendag mekdebiniň uçurymy, 19 ýaşly talyp türgen Maýsa Perdäýewa sportuň bu görnüşi boýunça ýurdumyzyň taryhyna täze sahypany ýazdy. Ol türkmenistanly zenan türgenleriň arasynda ilkinji bolup Uly tuwulga ýaryşynda medal gazanmagyň hötdesinden geldi. Şeýlelikde, Maýsa öz etrapdaşy, türkmen sportunyň taryhyna adyny altyn harplar bilen ýazdyran Gülbadam Babamyradowanyň ozalky üstünligini iki basgançak ýokarlandyryp, bu ýaryşlarda medal gazanan ilkinji türkmenistanly zenan türgen bolmagy başardy.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyp türgeniniň üstünliginiň uludygyna göz ýetirmek üçin sambo boýunça dünýä çempiony Gülbadam Babamyradowanyň dzýudo sportundaky iň uly ýeňşine nazar aýlamak gerek. Ol mundan 10 ýyl ozal — 2014-nji ýylda Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçirilen Uly tuwulga ýaryşynda ilkinji bäşlige girmegi başarypdy. Şondan öň we soň tä Maýsa Perdäýewa çenli hiç bir zenan türgenimize dünýäniň iň güýçli dzýudoçylaryny özünde jemleýän tapgyrlaýyn ýaryşda hormat münberine beýle ýakynlaşmak başartmandy. Uzak garaşdyran medalyň sähedi üstümizdäki ýylyň baharyna bellenen eken: Maýsa Perdäýewa ýakynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen bu ýaryşda 57 kilograma çenli agram derejesinde güýç synanyşyp, hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy. Maýsa bu üstünligi gazanmak bilen, 33 ýurda wekilçilik eden 44 türgeniň arasyndan saýlanmagy başardy. 19 ýaşly talyp türgen bürünç medala barýan ýolda bäş ýeňiş gazandy.

Agageldi ITALMAZOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar